Baş sahypa Hyzmatlar
Söwda we şertnama bilen baglanyşykly jedellerde, çalt we çykdajy taýdan amatly arbitraž hem-de araçylyk hyzmatlaryny hödürleýäris.
Has giňişleýinBiz döwlet edaralary bilen işleşmek, ygtyýarnama almak boýunça resminamalary taýýarlamak bilen bagly hukuk goldawyny berýäris. Biziň maksadymyz — müşderileriň çylşyrymly hukuk meselelerine ýakyndan ýardam bermekdir.
Has giňişleýinBiz resminamalaryň takyk hukuk terjimesini we ýerli hem-de halkara derejesinde ulanmak üçin notarial tassyklamasyny üpjün edýäris. Resminamalaryň kanun we dil taýdan talaplara laýyklygyny üpjün edýäris.
Has giňişleýinBiz ygtybarly we hukuk taýdan dogry resminamalary - Şertnamalary, ynanç hatlary we memorandumlary taýýarlaýarys. Her bir resminama müşderiniň isleglerine we hukuk kadalaryna laýyklykda taýýarlanýar.
Has giňişleýinBiz ähli derejedäki kazyýetlerde we arbitražda müşderileriň bähbitlerine wekilçilik edýäris. Raýat, täjirçilik ýa-da administratiw jedellerde, her bir işi strategiki we kanuny taýdan çemeleşmek bilen çözýäris.
Has giňişleýinBiziň halkara hukuk hyzmatlarymyz bilen dünýä bazarynda ynamly hereket ediň. Serhetara geleşikler, şertnamalar boýunça gepleşikleri, söwda we gümrük düzgünlerinde ýardam berýäris.
Has giňişleýinBiziň hünärmenlerimiz kärhanalara we şahsy taraplara salgyt meseleleri boýunça strategik teklipleri hödürleýär. Salgyt ýagdaýyňyzy seljerip, barlaglara taýýarlyk görmäge we jedelleri çözmäge kömek edýäris.
Has giňişleýinEmläk dawalardan miras meselelerine çenli ähli raýat hukuk gatnaşyklarynden gelip çykýan jedellerde raýatlara kanuny taýdan ygtybarly we adalatly hukuk çözgütlerini hödürleýäris.
Has giňişleýinBiz kärhanalary bellenen tertipde bellige aldyrmak, ygtyýarnama almak we şertnamalary taýýarlamak boýunça giň hukuk hyzmatlaryny hödürleýäris. Kärhanalaryň kanuna laýyk iş alyp barmagyny we hukuk töwekgelçilikleriniň peseldilmegini üpjün edýäris.
Has giňişleýin