Baş sahypa Hyzmatlar Hukuk Resminamalarynyň Taýýarlanmagy
Hukuk taýdan ygtybarly we kanuny güýje eýe bolan resminamalaryň taýýarlanmagy jedelleriň öňüni almakda we bähbitleriňizi goramakda möhüm orna eýedir. Mert Hukuk her bir müşderileriň isleglerinden ugur alyp ynanç hatlaryndan başlap, çylşyrymly şertnamalara çenli ähli hukuk resminamalary, şol sanda kärhanalaryň esaslandyryş reminamalaryny (tertipnama, düzgünnama) taýýarlaýar.
Biz täjirçilik şertnamalaryndan başlap, içerki düzgünler, dolandyryş resminamalary we beýleki hukuk ýazgylaryny taýýarlamakda tejribeli topary hödürleýäris. Her bir resminama taraplaryň niýetini doly beýan edip, kazyýetde kanuny taýdan goralmaga taýyn görnüşde düzülýär.
Şeýle hem biz öňki bar bolan resminamalary hereket edýän kanunçylyga laýyk getirmek üçin öwrenýäris. Bu hyzmat müşderileri barlaglara we kazyýetde çykyş etmäge taýýarlaýar. Mert Hukuk üçin resminama taýýarlamak diňe ýazmak däl — bu öňüni alyş we Siziň bähbitleriňiziň hukuk goragydyr.