Baş sahypa Hyzmatlar Salgyt Hukugy boýunça Maslahatlar
Mert Hukuk salgyt hukugynyň täjirçilik işinde we şahsy taraplaryň maliýe işlerinde möhüm ugurdygyny bilýär. Biziň hukuk hyzmatlarymyz müşderilere çylşyrymly salgyt ulgamynda ugur almakda, jerime sanksiýalarda we degişlilikde Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygyna laýyklykda hereket etmekde ýardam edýär.
Biz şahsy taraplara we kärhanalara salgyt borçlary, meýilnamalaşdyryş we netijelilik meseleleri boýunça maslahat berýäris. Toparymyz salgyt edaralarynyň barlaglaryna taýýarlyk görmekde we ýüze çykan jedellerde müşderileri kazyýetde ýa-da beýleki guramalarda wekilçilik etmekde tejribelidir. Esasan hem goşulan baha üçin salgyt, kärhanalaryň girdeji salgydy we halkara salgyt meseleleri boýunça ýöriteleşendiris.
Biz öňüni alyjy çemeleşmäni ulanýarys — diňe bir ýüze çykan hukuk meselesi boýunça çykalgalary tapyp bermek bilen çäklenmän,eýsem olaryň ýüze çykmagynyň öňüni alýarys. Seljermek we meýilnamalaşdyrmak bilen kanunçylyga laýyklykda müşderileriň maliýe maksatlary üçin strategiýalary işläp taýýarlaýarys. Salgyt taýdan täsirli gurluş döretmekden başlap, salgyt jedelleri çözmäge çenli — Mert Hukuk ygtybarly hyzmatdaşyňyzdyr.