Biz barada

Baş sahypa Biz barada

Biz barada

Innowasion hukuk hyzmatlary boýunça Türkmenistanda öňdebaryjy

"Mert Hukuk Hyzmatlary" Hojalyk jemgyýeti raýatlar, kärhanalar we guramalar üçin ýokary hilli, ygtybarly we strategik hukuk çözgütlerini hödürleýän ynamdar hukuk we maslahat beriş kärhanasydyr. Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän kärhanamyz raýat, salgyt hukugy hem-de halkara söwda we IT-hukuk maslahatlary ýaly giň hukuk hyzmatlaryny hödürleýär.


Tejribeli hünärmenlerimiz we hukuk maslahatçylarymyz häzirki zaman telekeçilik iş dünýäsiniň zerurlyklaryna düşünýän çuňňur hukuk bilimi özlerinde jemleýär. Biziň wezipämiz müşderilere düşnükli we ynamly ýol görkezmek — olaryň hukuklaryny goramak, töwekgelçilikleri dolandyrmak we maksatlaryna ýetmekdir.


"Mert Hukuk hyzmatlary" hojalyk jemgyýetinde biz ähli işlerde dogruçyllyga, müşderiniň kanagatlanmagyna we hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine üns berýäris. Telekeçilik işine täze başlandygyňyza, uly kärhanadygyňyza ýa-da raýatdygyňyza garamazdan hukuk kömegine mätäç bolsaňyz biz strategiki, etiki we talabalaýyk hukuk kömegini hödür edýäris.

Hünärmenlerimiz strategiki we müşderiniň bähbitlerini içgin seljermek arkaly hukuk goldawyny berýär

Biz täze kärhanany bellige aldyrmak, ygtyýarnama almak, şertnama taýýarlamak, kärhanalary birleşdirmek ýa-da eýeçilik hukuklaryny geçirmek bilen bagly işleri, şeýle-de intellektual eýeçilik hukuklarynyň goralmagy boýunça doly hukuk hyzmatlaryny hödürleýär.

Hünärmenlerimiz dürli hukuk ugurlarynda baý tejribä eýe. Biz her bir müşderä öz işiniň talaplaryna laýyk gelýän takyk, oňaýly hukuk maslahatlaryny ylalaşylan möhletde bermäge borçlanýarys.

Şahsy hukuk goldawy

Mert Hukuk her bir şahsyň hukuk ýagdaýynyň özboluşlydygyna düşünýär. Esaslandyrylan çözgütleri ynam bilen kabul edip bilmegiňiz üçin siziň bähbitleriňize gönükdirilen şahsy maslahatlary berýäris.

Iş strategiýasy boýunça maslahat

Mert Hukuk - Siziň telekeçilik işiňiziň hukuk gurluşyny, bellenen talaplara laýyklygyny, töwekgelçilikleriň azalmagyny we ösüşini üpjün etmek bilen onuň strategiki maksatlaryna uýgunlaşdyrmaga ýardam edýär.

Kazyýet goldawy

Hukuk jedelleri ýüze çykan ýagdaýynda, Mert Hukugyň tejribeli hünärmenleri kazyýetde we arbitražda wekilçilik edip, siziň bähbitleriňizi netijeli gorap biler.

Her bir kynçylyk üçin dogry hukuk çözgüdi

Mert Hukuk üçin her bir hukuk meselesi aýratyn çemeleşmegi talap edýär. Biz siziň islegleriňizi doly düşünýäris we bähbitleriňize laýyk çözgütler hödürleýäris.

Indi Başlaň

Köp soralýan soraglar

Biz raýat hukugy, zähmet hukugy, kärhanalar we täjirçilik hukugy, salgyt hukugy, halkara hukuk, administratiw hukuk, jenaýat işleri we resminama taýýarlamak ýaly dürli ugurlarda hukuk hyzmatlaryny hödürleýäris.

Web sahypamyzda ýerleşýän habarlaşmak formasyny dolduryp, bize jaň edip ýa-da e-poçta arkaly ýüz tutup maslahatlaşyp bilersiňiz.

Hawa, biz Türkmenistanyň içinde we daşary ýurtlarda işleýän halkara müşderilere hukuk hyzmatlaryny hödürleýäris.

Biz türkmen, rus, iňlis dillerinde we müşderiniň islegine görä beýleki dillerde hem hukuk hyzmatlaryny berýäris.

Bahalar görkezilýän hyzmatyň görnüşine we çylşyrymlylygyna bagly bolup durýar. Ilkinji duşuşykdan soň size takyk we açyk baha teklibi hödürlenýär.

Hawa, biz kompaniýa açmak, ygtyýarnama almak we ähli hukuk taýdan bellige alyş işleri boýunça giňden goldaw berýäris.

Elbetde. Biziň müşderiler bilen geçiren ähli gürrüňlerimiz we maglumat alyşmalarymyz doly gizlinlikde saklanylýar.

Hawa, biziň hünärmenlerimiz ähli derejedäki kazyýetlerde we içerki hem-de halkara arbitraž proseslerinde müşderilere wekilçilik edýär.

Biz ilki maslahat beriş hyzmatyny hödürleýäris. Şol ýerde ýagdaýyňyzy seljerip, dogry ugry hödürleýäris.

Hawa, biz hukuk resminamalarynyň terjimesini we gerekli ýagdaýlarda notarial taýdan tassyklamak hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde goldaw berýäris.