Mert Hukuk – Halkara we ýerli hukuk pudagynda strategik hukuk çözgütlerini hödürleýär

Biz barada

Innowasion hukuk hyzmatlary boýunça Türkmenistanda öňdebaryjy

"Mert Hukuk Hyzmatlary" Hojalyk jemgyýeti raýatlar, kärhanalar we guramalar üçin ýokary hilli, ygtybarly we strategik hukuk çözgütlerini hödürleýän ynamdar hukuk we maslahat beriş kärhanasydyr. Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän kärhanamyz raýat, salgyt hukugy hem-de halkara söwda we IT-hukuk maslahatlary ýaly giň hukuk hyzmatlaryny hödürleýär.


Tejribeli hünärmenlerimiz we hukuk maslahatçylarymyz häzirki zaman telekeçilik iş dünýäsiniň zerurlyklaryna düşünýän çuňňur hukuk bilimi özlerinde jemleýär. Biziň wezipämiz müşderilere düşnükli we ynamly ýol görkezmek — olaryň hukuklaryny goramak, töwekgelçilikleri dolandyrmak we maksatlaryna ýetmekdir.


"Mert Hukuk hyzmatlary" hojalyk jemgyýetinde biz ähli işlerde dogruçyllyga, müşderiniň kanagatlanmagyna we hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine üns berýäris. Telekeçilik işine täze başlandygyňyza, uly kärhanadygyňyza ýa-da raýatdygyňyza garamazdan hukuk kömegine mätäç bolsaňyz biz strategiki, etiki we talabalaýyk hukuk kömegini hödür edýäris.

Hyzmatlarymyz

Hukuk hyzmatlary

Arbitraž we Jedelleriň Çözgüdi

Söwda we şertnama bilen baglanyşykly jedellerde, çalt we çykdajy taýdan amatly arbitraž hem-de araçylyk hyzmatlaryny hödürleýäris.

Has giňişleýin
Administratiw Hukuk

Biz döwlet edaralary bilen işleşmek, ygtyýarnama almak boýunça resminamalary taýýarlamak bilen bagly hukuk goldawyny berýäris. Biziň maksadymyz — müşderileriň çylşyrymly hukuk meselelerine ýakyndan ýardam bermekdir.

Has giňişleýin
Hukuk Terjimeleri we Notarial Goldawy

Biz resminamalaryň takyk hukuk terjimesini we ýerli hem-de halkara derejesinde ulanmak üçin notarial tassyklamasyny üpjün edýäris. Resminamalaryň kanun we dil taýdan talaplara laýyklygyny üpjün edýäris.

Has giňişleýin
Hukuk Resminamalarynyň Taýýarlanmagy

Biz ygtybarly we hukuk taýdan dogry resminamalary - Şertnamalary, ynanç hatlary we memorandumlary taýýarlaýarys. Her bir resminama müşderiniň isleglerine we hukuk kadalaryna laýyklykda taýýarlanýar.

Has giňişleýin
Kazyýet we Arbitražda Wekilçilik

Biz ähli derejedäki kazyýetlerde we arbitražda müşderileriň bähbitlerine wekilçilik edýäris. Raýat, täjirçilik ýa-da administratiw jedellerde, her bir işi strategiki we kanuny taýdan çemeleşmek bilen çözýäris.

Has giňişleýin
Halkara Hukuk we Söwda

Biziň halkara hukuk hyzmatlarymyz bilen dünýä bazarynda ynamly hereket ediň. Serhetara geleşikler, şertnamalar boýunça gepleşikleri, söwda we gümrük düzgünlerinde ýardam berýäris.

Has giňişleýin
Salgyt Hukugy boýunça Maslahatlar

Biziň hünärmenlerimiz kärhanalara we şahsy taraplara salgyt meseleleri boýunça strategik teklipleri hödürleýär. Salgyt ýagdaýyňyzy seljerip, barlaglara taýýarlyk görmäge we jedelleri çözmäge kömek edýäris.

Has giňişleýin
Raýat Hukugy Hyzmatlary

Emläk dawalardan miras meselelerine çenli ähli raýat hukuk gatnaşyklarynden gelip çykýan jedellerde raýatlara kanuny taýdan ygtybarly we adalatly hukuk çözgütlerini hödürleýäris.

Has giňişleýin
Kärhanalar we Söwda Hukugy

Biz kärhanalary bellenen tertipde bellige aldyrmak, ygtyýarnama almak we şertnamalary taýýarlamak boýunça giň hukuk hyzmatlaryny hödürleýäris. Kärhanalaryň kanuna laýyk iş alyp barmagyny we hukuk töwekgelçilikleriniň peseldilmegini üpjün edýäris.

Has giňişleýin

Doly çözgüde çenli ynamdar hukuk goldawy

Mert Hukuk Hyzmatlary Hojalyk jemgyýetinde hukuk işi nähili derejede çylşyrymlydygyna garamazdan, biziň doly ünsümize, strategiýa taýdan çemeleşmegimize mynasypdygyna ynanýarys. Hukuk bilen bagly meseleleriň kynçylyklary döredýändigini we köplenç möhüm netijelere getirip bilýändigine düşünýäris, şonuň üçin biziň her bir işe çemeleşmegimiz açyklyga, hukukçylarymyzyň ýokary hünär ussatlygyna we birek-birege bolan ynama esaslanýar.

Ilkinji geňeşmeden başlap soňky çözgüde çenli, siziň aýratyn zerurlyklaryňyzy we maksatlaryňyzy doly düşünmäge ünsi jemleýäris. Hukuk jedelleri bolan şahsy tarapdygyňyza ýa-da kärhana ýa-da ýerli hukuk goldawyna mätäç bolan daşary ýurt guramasy bolýandygyňyza garamazdan biziň toparymyz her bir tapgyrda siziň bilen.

Hukuk Maksatlaryňyza Düşünmek

Ilki bilen, biz siziň zerurlyklaryňyza, maksatlaryňyza we aladalaryňyza gulak asýarys — siziň hukuk kynçylyklaryňyzy doly düşünmek üçin gerekli maglumaty toplamak bilen başlaýarys. Bu ädim size ýa-da kärhanaňyza ýöriteleşdirilen netijeli hukuk strategiýasyny işläp düzmäge mümkinçilik berýär.

Siziň hukuk garaýyşlaryňyzy seljermek

Soňra, degişli kanunlary, töwekgelçilikleri we mümkinçilikleri ýüze çykarmak maksady bilen toplumlaýyn hukuk taýdan baha bermeleri geçirýäris. Resminamalary öwrenmekden düzgünnamalary düşündirmäge çenli, biziň taýýarlan ýol kartamyz siziň bähbitleriňizi goramaga we karar kabul etmegiňizde ýol görkezmäge gönükdirilendir.

Amaly Hukuk Çözgütlerini Hödürlemek

Resminamalary taýýarlamak, gepleşikleri geçirmek, wekilçilik etmek ýa-da talaplaryň ýerine ýetirilmegi babatda hukuk goldawyny bermek boýunça berk strategiýa esasynda hereket edýäris. Maksatlaryňyza ýetýänçäňiz siz bilen bilelikde bolup, yzygiderli täzelikler we ygtybarly hukuk ýol-ýörelgeler bilen üpjün edýäris.

Seljermeler

Zähmet-hukuk gatnaşyklarynyň kadalary

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň XVI bölümi zähmet jedelleriniň kadalaryny kesgitleýän iki bapdan ybaratdyr. Birinji bapda şahsy zähmet jedelleriniň kadalary kesgitlenilýän bolsa, ikinji bapda köpçülikleýin zähmet jedelleriniň kadalary kesgitlenilýär.

Has giňişleýin
Eýeçilik hukugynyň ýörelgeleri

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň erkin ýaşamaga bolan hukugy döwlet tarapyndan kanun esasynda goralýandygy bellenilýär.

Has giňişleýin
Abadançylygyň aýdyň ýoly

Binýady pähim-parasatdan tutulan türkmen diplomatiýasy ynsanperwerligi, agzybirligi, halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goramakda dünýä nusgalyk taglymat bolup äleme dolýar. Dünýäde parahatçylyk hakyndaky taglymatlaryň barha kämilleşmegini isleýän türkmen Lideri parahatçylygy döretmek sungatyny dünýä ýaýýar.

Has giňişleýin

Köp soralýan soraglar

Biz raýat hukugy, zähmet hukugy, kärhanalar we täjirçilik hukugy, salgyt hukugy, halkara hukuk, administratiw hukuk, jenaýat işleri we resminama taýýarlamak ýaly dürli ugurlarda hukuk hyzmatlaryny hödürleýäris.

Web sahypamyzda ýerleşýän habarlaşmak formasyny dolduryp, bize jaň edip ýa-da e-poçta arkaly ýüz tutup maslahatlaşyp bilersiňiz.

Hawa, biz Türkmenistanyň içinde we daşary ýurtlarda işleýän halkara müşderilere hukuk hyzmatlaryny hödürleýäris.

Biz türkmen, rus, iňlis dillerinde we müşderiniň islegine görä beýleki dillerde hem hukuk hyzmatlaryny berýäris.

Bahalar görkezilýän hyzmatyň görnüşine we çylşyrymlylygyna bagly bolup durýar. Ilkinji duşuşykdan soň size takyk we açyk baha teklibi hödürlenýär.

Hawa, biz kompaniýa açmak, ygtyýarnama almak we ähli hukuk taýdan bellige alyş işleri boýunça giňden goldaw berýäris.

Elbetde. Biziň müşderiler bilen geçiren ähli gürrüňlerimiz we maglumat alyşmalarymyz doly gizlinlikde saklanylýar.

Hawa, biziň hünärmenlerimiz ähli derejedäki kazyýetlerde we içerki hem-de halkara arbitraž proseslerinde müşderilere wekilçilik edýär.

Biz ilki maslahat beriş hyzmatyny hödürleýäris. Şol ýerde ýagdaýyňyzy seljerip, dogry ugry hödürleýäris.

Hawa, biz hukuk resminamalarynyň terjimesini we gerekli ýagdaýlarda notarial taýdan tassyklamak hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde goldaw berýäris.