Baş sahypa Hyzmatlar Raýat Hukugy Hyzmatlary
Mert Hukuk müşderileriniň şahsy hukuklaryny goramakda we dürli hukuk dawalarynda çalt hem-de adalatly çözgüt tapmakda tejribe toplapdyr. Şertnamalaryň ýerine ýetirilmezligi, emläk dawalary ýa-da ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bilen bagly meseleler ýüze çykan halatynda, biziň hukuk toparymyz müşderiniň bähbitlerini goramak boýunça degişli hukuk kömegini bermäge taýýardyr.
Biz hukuk resminamalary, şol sanda şertnamalary we ylalaşyklary taýýarlaýarys, seljerýäris we durmuşa geçirýäris.Şertnamanyň talaplary bozulan ýagdaýynda gepleşiklerden işi kazyýetde seretmäge çenli düzgünleşdirmegiň çärelerini ulanýarys. Şeýle hem miras, hossarlyk we beýleki raýat jogapkärçiligi çygrynda hyzmatlary edýäris.
Her bir işe içgin we gizilinligi saklamak bilen aýratynlykda seredilýär. Biz diňe häzirki meseläniň çözgüdini tapmak bilen çäklenmän, eýsem gelejekde hukuk töwekgelçilikleriň azalmagy ugrunda hereket edýäris. Mert hukuk kanuna laýyk çözgütleri gazanmak bilen hemişe müşderileriň bähbitlerine hereket edýär.