Baş sahypa Hyzmatlar Kärhanalar we Söwda Hukugy
Mert Hukuk Türkmenistanyň içinde we onuň daşynda hereket edýän ähli kärhanalar üçin giň gerimli hukuk hyzmatlaryny hödürleýär. Biziň hukuk tejribämiz kärhanalaryň döredilmeginden başlap, dolandyrylyşy, kanunçylygyň berjaý edilişi we zerur bolsa kärhananyň işiniň bes edilmegi ýaly ähli tapgyrlary öz içine alýar. Biz müşderilere milli we halkara hukuk kadalaryndan dogry ugur almakda töwekgelçilikleriň peselmeginde we kärhananyň durnukly ösmeginde ýardam edýäris.
Biziň hünärmenlerimiz şertnamalaryň ähli görnüşlerini, şol sanda bilelikdäki iş hakynda, paýdarlar hakynda, françaýzing şertnamanlary taýýarlaýar we seljerýär. Biz kärhanalary birleşdirmek, geleşikleriň hukuk seljermesi ýaly meseleler boýunça kanunalaýyk maslahatlary berýäris.
Türkmen bazaryna girýän ýa-da işini giňeldýän kärhanalar üçin ygtyýarnamalary almakda, ýerli kanunçylygyň, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlary hakynda kanunçylygyň berjaý edilmeginde ýardam edýäris. Biziň toparymyz telekeçiligiň strategiki ösüşine ýardam edýän hukuk çözgütleri hödür edýär.