Baş sahypa Seljermeler Eýeçilik hukugynyň ýörelgeleri
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň erkin ýaşamaga bolan hukugy döwlet tarapyndan kanun esasynda goralýandygy bellenilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen kabul edilýän we ýurdumyzda hereket edýän kanunlaryň ählisi halkymyzyň erkana, abadan, bolelin ýaşaýşyny nazarlaýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda eýeçiligiň görnüşlerini, eýeçilik gatnaşyklarynyň hukuk we ykdysady esaslaryny, eýeçilik hukugynyň ýüze çykmagynyň şertlerini kesgitleýän «Eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Ol eýeçilik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, eýeçilik hukugynyň goralyp saklanylmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Kanunyň 4-nji maddasynda eýeçilik hukugy hakynda beýan edilýär.
Eýeçilik hukugynyň subýekti (zadyň eýesi) öz garamagyna görä özüne degişli bolan emläge milli kanunçylykda bellenilen çäklendirmeleriň hasaba alynmagy bilen eýelik edýär, ondan peýdalanýar we oňa ygtyýarlyk edýär. Zadyň eýesi emläge eýelik etmek, ony peýdalanmak we oňa ygtyýarlyk etmek boýunça öz ygtyýarlyklaryny başga bir şahsa geçirip, emlägi girewiň närsesi hökmünde peýdalanyp ýa-da ony gaýry usulda borçlandyryp, öz emlägini beýleki şahsyň eýeçiligine ýa-da dolandyrmagyna geçirip biler, şeýle hem öz emlägi babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän islendik hereketleri amala aşyrmaga haklydyr. Zadyň eýesi emlägi telekeçilik ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän gaýry işiň amala aşyrylmagy üçin peýdalanyp biler. Eýeçilik hukugynyň amala aşyrylmagy daşky gurşawa zyýan ýetirmeli däldir, fiziki we ýuridik şahslaryň hem-de döwletiň hukuklaryny we Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly goralýan bähbitlerini bozmaly däldir.
Arslan SAPAROW,
Daşoguz şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 1-nji derejeli ýurist.