Инсайты

Главная Инсайты Abadançylygyň aýdyň ýoly

Abadançylygyň aýdyň ýoly

Binýady pähim-parasatdan tutulan türkmen diplomatiýasy ynsanperwerligi, agzybirligi, halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goramakda dünýä nusgalyk taglymat bolup äleme dolýar. Dünýäde parahatçylyk hakyndaky taglymatlaryň barha kämilleşmegini isleýän türkmen Lideri parahatçylygy döretmek sungatyny dünýä ýaýýar. Kökleri ata-babalarymyzyň hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik ýörelgelerinden gözbaş alýan, dünýä ösüşiniň çarhyna bat beren türkmeniň Bitaraplyk daragtynyň köki has berkäp, parahatçylyk taglymatyna öwrülýär.

Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk. Bu iki mukaddeslik indi çärýek asyrdan gowrak wagtyň içidir dünýä kartasyna sünnälenip çekilen keşde ýaly ýaraşyp duran Türkmenistan döwletiniň goşa ganaty, milletimiziň döwletliliginiň güwäsidir.

2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň dünýäde uly goldawa eýediginiň nyşanydyr.

Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny ýöretmek bilen Merkezi Aziýada ylalaşdyryjy merkez hökmünde çykyş edýändigi göz öňünde tutulyp, 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda ýurdumyzyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň, ýagny her ýylyň 12-nji dekabryny «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistan döwletiniň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy bilen sebitde parahatçylygy üpjün etmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde, goňşy döwletlere ynsanperwerlik kömegini bermekde halkara derejesinde gazanan abraýynyň we alyp barýan oňyn bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligine ýaýylmasydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň şan-şöhratyny gün-günden beýgeldýän, dünýä ýüzünde parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň, asudalygyň we abadançylygyň nusgasyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun.

Jemal ARSLANOWA

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap RÝNÝ bölüminiň 1-nji derejeli hünärmeni.